Prezident Erdogan Ispaniýa gider

Prezident Erdogan sammitiň çäginde şeýle hem käbir hyzmatdaş ýurtlaryň liderleri bilen duşuşyklar geçirer

1848887
Prezident Erdogan Ispaniýa gider

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Madritde 28-30-njy iýun aralygynda geçiriljek "NATO agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitine" gatnaşmak maksady bilen şu gün Ispaniýa gider. 

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä sammitde Ýewropa-Atlantik howpsuzlygyna wehim salýan ugurlara garşy startegik derejede pikir alyşylar, Russiýa-Ukraina söweşiniň alýansa täsiri gözden geçiriler, şol çäkde NATO-nyň eýmendirmesi we goranyş gurulyşy ara alynyp maslahatlaşylar. 

Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriljek sammitde alýansyň gelejek işlerine ýolbeletlik etjek täze Strategik konsepsiýasynyň tassyklanmagy hem güntertibe getiriler. 

Prezident Erdogan sammitiň çäginde şeýle hem käbir hyzmatdaş ýurtlaryň liderleri bilen duşuşyklar geçirer. 



Degişli Habarlar