Türk Daşary işler ministri Çawuşogly iňlis kärdeşi Trass bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gara deňizde galla koridorynyň emele getirilmegi üçin Türkiýe hökmünde konstruktiw rol eýeleýändiklerini habar berdi

1847437
Türk Daşary işler ministri Çawuşogly iňlis kärdeşi Trass bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Ankara gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Liz Trass bilen geçiren duşuşygyndan soň, umumy metbugat ýygnagyna gatnaşdy. 

Mewlüt Çawuşogly Ukrainada emele getiriljek galla koridory bilen baglanşykly: "Gara deňizde galla koridorynyň emele getirilmegi üçin Türkiýe hökmünde konstruktiw rol eýeleýäris. Russiýa Stambulda meýilleşdirilen maslahat üçin oňyn jogap berýäris" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň gallasynyň ýa-da beýleki önümleriniň Russiýa ýa-da başga bir ýurt tarapyndan alynyp bikanun ýagdaýda satylmagyna garşydyklaryny aýdan Çawuşogly: "Türkiýe hökmünde bize gelmegine hem rugsat bermeris" diýip nygtady. 

Çawuşogly: "Eger ylalaşyk gazanylsa Stambulda gözegçilik merkezi we Ukrainanyň suw giňişliginiň golaýynda howpsuzlyk zolak dörediler" diýip mälim etdi. 

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agza bolmak üçin tutan ýüz tutmalarynyň hem üstünde durup geçen Çawuşogly: "Her kimiň howpsuzlyk aladalary ele alynmaly, diňe agzalyk ýüz tutmasyny edenleriň däl" diýip, Türkiýäniň howpsuzlyk aladalarynyň hem ünsden düşürilmeli däldigini aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Bu iki ýurt hyzmatdaş bolmak isleýän bolsa NATO-nyň içinde howpsuzlyk aladalaryny kanagatlandyrmalydyr. Esasan hem NATO sammitinde terrorrizm gün tertibi bilen maslahatyň geçirilmeginiň möhümdigini pikir edýäris" diýip habar berdi. 

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Liz Trass bolsa öz gezeginde iň giýç öňümizdäki aý çözülmese, Ukrainadaky portlardan galla önümler çykarylmasa onuň uly açlyga sebäp boljakdygyny beýan etdi. 

Liz Trass Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyklary bilen baglanşykly bolsa: "NATO bilen gepleşikler geçireris. Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO-nyň düzümine goşulmaklarynyň biz üçin güýçlendiriji boljakdygyny pikir edýäris" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar