Erdogan Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1846420
Erdogan Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanatda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy habar berildi. 

Telefon söhbetdeşliginde goranyş senagaty boýunça hyzmatdaşlyk başda bolmak bilen, Türkiýe-Beýik Britaniýa gatnaşyklary we 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi bilen birlikde sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde mundan başgada Ukrainadaky galla önümleriniň howpsuz ýagdaýda ýurtdan çykarylmagy üçin çürt-kesik çözgüdiň tapylmagynyň gerekdigini nygtady. 



Degişli Habarlar