Tunjeli welaýatynda terrorçylar tarapyndan ulanylan gaçybatalgalar ýok edildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1845392
Tunjeli welaýatynda terrorçylar tarapyndan ulanylan gaçybatalgalar ýok edildi

Tunjeli welaýatynyň Hozat etrabynyň obalyk ýerlerinde terrorçylar tarapyndan ulanylandygy anyklanan jemi 6 gaçybatalga ýok edildi. 

Beýleki tarapdan bolsa, Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleri, Siriýanyň demirgazygyndaky terrorçylara garşy operasiýa geçirmäge dowam edýär" diýip habar berildi. 

Beýanatda Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar