Türk Daşary işler ministri Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň ugradan resminamalary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyklary üçin Türkiýä ugradan resminamalaryň garaşylýan tamalardan örän uzakdygyny özlerine we NATO aýdandyklaryny habar berdi

1844089
Türk Daşary işler ministri Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň ugradan resminamalary barada beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Norwegiýanyň Daşary işler ministri Anniken Hýuitfeldt we Irlandiýanyň Daşary işler we Goranmak ministri Saýmon Koweni bilen geçiren duşuşygyndan soň bolan umumy metbugat ýygnagynda çykyş etdi. 

Türkiýäniň Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agza bolmaklaryna haçana çenli garşy bolmaga dowam etjekdikleri baradaky soraga Mewlüt Çawuşogly, onuň ady agzalan ýurtlaryň Türkiýä berjek jogabyna baglydygyny beýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň bu meseledäki tamalaryny we aladalaryny hem NATO hem-de Şwesiýa we Finlýandiýa anyk we ýazmaça ýagdaýda ugradandygyny habar berdi. 

Türkiýäniň NATO-nyň açyk gapylar syýasatyny iň güýçli goldaýan ýurtlaryň biridigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Indi bolsa ady agzalan iki ýurt şol tamalarymyzy ýerine ýetirjekdigi, haçan ýerine ýetirjekdigi, şol babatda ylalaşyga gelmegimiz gerek" diýip mälim etdi. 

NATO-dan Türkiýä umumy ylalaşyk resminamasynyň ugradylandygyny, Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Anderssonyň maslahatçysynyň hem Ankara resminama ugradandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyklary üçin Türkiýä ugradan resminamalar garaşylýan tamalardan örän uzakdygyny özlerine we NATO ýetirdik. Indi bolsa olara garşy resminamalary gözden geçirip, jemläp öz jogabymyzy ugradarys. Eger bir ylalaşyk boljak bolsa onda biziň ugradan resminamanyň üsti bilen bolmalydygyny hem düýn hem-de şu gün NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberge aýtdyk. Haçan diýilýän soraga jogap bermek dogry bolmaz. Sebäbi şol ýurtlar tamalarymyzy haçan we nähili ýerine ýetirer. Top häzirki wagtda olaryň tarapynda. Olardan mundan başgada bir hat dälde ýazmaça jogaba garaşýandygymyzy ýene-de bir gezek ýatlatmak isleýärin" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar