Türkiýä Gresiýanyň Üsti Bilen Oýnalýan Oýuna Göz Ýetirýäris

Przident R.T.Erdogan Türkiýä Gresiýanyň üsti bilen oýnalýan oýuna göz ýetirýändiklerini aýtdy.

1843726
Türkiýä Gresiýanyň Üsti Bilen Oýnalýan Oýuna Göz Ýetirýäris

Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygy, Prezident R.T.Erdogan partiýasynyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisindäniň toparynyň maslahatynda sözlän sözünde geçen hepde İzmirde geçirilen “Efes-2022” harby türgenleşigi mynasybetli Egeý deňizindäki wakalar bilen bagly ýüzlenmeleri, degişli taraplara aç-açan ýetirendiklerini nygtap; “Taryhda bolşy ýaly kimdir biri tarapyndan läliksiredilip, üstümize küşgürilýän Gresiýa arkal ýurdumyza garşy oýnalýan oýuna göz ýetirýäris. Mesele Gresiniň şol oýuna göz ýetirmeýänligi ýa-da bu oýunyň meýletin oýnatgysy bolmagy. Bilşiňiz ýaly kino-film surata alynýarka iň köp ýadaýan, ejir çekýän, hat-da goly-ganady gyrylýan kömekçi oýunçylardyr. Emma sahnada olaryň ady-sany görünmez. Gresiýanyň başyna taryhda gelen hem şol. Eger ýalňyşdan el çekmeseler ol şeýle dowam eder” diýdi.

Prezident Erdogan Şwesiýanyň we Finlýadiýanyň NATO agzalyga ýüz tutmalary hakynda bolsa; “NATO meselesinde Şwesiýa we Finlýandiýa terrorizme garşy anyk, açyk we egilşiksiz pozisiýa eýeleýänçäler biziň pozisiýamyz üýtgemez” diýdi.

Dünýäde ýurduň adyny “Turkeýden” “Türkiýä” öwürmek boýunça başlangyçlary üstünlik bilen amala aşyrandyklaryny beýan eden Erdogan, milli howaýolunyň hem uçuşlaryny “Turkish Airlines” däl, eýsem “Türk Howaýollary” ady bilen amala aşyrjakdygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar