Mewlüt Çawuşogly TBMM-de güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde žurnalistlere beýanat berdi

1843804
Mewlüt Çawuşogly TBMM-de güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk tapgyrlary bilen baglanşykly, şol iki ýurtdan tamalaryny açyk ýagdaýda beýan edendiklerini, indi bolsa olardan ýzamaça häsýetde jogaba garaşýandyklaryny mälim etdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde žurnalistlere beýanat berdi. 

Mewlüt Çawuşogly terror bilen aralaryna araçäk goýmaýan Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyklary bilen baglanşykly: "Düýn NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeş boldym. NATO-nyň sekretariaty bilen hem aragatnaşyk içindediris. Biz ýurtlaryň ikisinden hem nämeleri tama edýändigimizi ýazmaça ýagdaýda beýan etdik. Indi bolsa olardan ýzamaça häsýetde jogaba garaşýarys" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň galla önümleriniň eksporty babatyndaky päsgelçilikleriň aýrylmagy üçin galla koridorynyň emele getirilmegi babatynda edilýän işler bilen bagly soraga Mewlüt Çawuşogly, BMG-nyň meýilnamasynyň işjeň bir meýilnamadygyny, Russiýadan jogaba garaşýandyklaryny mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň BMG-nyň meýilnamasyny goldaýandygyny belläp: "Taraplar özara ylalaşsa Stambulda jikme-jik ýagdaýda maslahatlaşmak üçin gepleşikler geçirip biljekdigimizi aýtdyk" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar