Gresiýanyň Hukuk Kadalaryny Bozýan Propaganda Mehanizmi Herekete Geçdi

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň Orunbasary, partiýanyň metbugat sekretary Ömer Çelik; “Gresiýanyň hukuk kadalaryny bozýan propaganda mehanizminiň ýene-de bir gezek herekete geçendigini aýtdy.

1843378
Gresiýanyň Hukuk Kadalaryny Bozýan Propaganda Mehanizmi Herekete Geçdi

Ömer Çelik partiýanyň merkezinde Prezident we AK partiýanyň Başlygy R.T.Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirilen Merkezi karar we dolandyryjylar geňeşiniň maslahatynyň dowamynda beýannama berdi.

Çelik, Prezident Erdoganyň hepdäniň ahyrynda geçirilen “EFES-2022” türgenleşiginde Gresiýanyň Egeý deňizindäki adalary ýaraglandyrmagyna garşy berk reaksiýa bildirendigini nygtap; “Ol ýerde Gresiýanyň hem şol beýannamany ýoýýan hem hukuk kadalaryny bozýan propaganda mehanizmi ýene-de bir gezek herekete geçdi. Elmydama aýdýarys, Gresiýanyň biziň goňşymyz. Goňşylarymyz bilen öz meselelerimizi stoluň başynda çözüp biljek ukybymyz, taryhy tejribämiz bar. Biz dialoga açyk, emma Gresiýanyň yzgiderli häsýetde üçünji ýurtlary işin içine goşmagy, hukuk bozmalaryny iş ýüzündäki hakyk hökmünde gün tertibine getirmegi gynansagam işleriň kadalaşmagyny bökdeýär” diýdi.

Çelik, Gresiýanyň käbir adalary ylalaşyklara garamazdan ýaraglandyrmagy hakynda bolsa; “Biz haçanda hukuk kadalaryny berjaý etmäge çağyranymyzda, bu meseläni stoluň başynda çözmek islesek, gynansagam Gresiýa ony “goňşymyzyň agressiýasy”, “Türkiýäniň Osman imperiýasy boýunça hyýallary” ýa-da “Türkiýänin Gresiýa salýan howpy” ýaly asly bolmadyk käbir propagandalara öwürmäge synanşýar. Ol hem başga ýurtlara ýüzlenme bermek üçin edilýär” diýdi.

Ömer Çelik Gresiýanyň hukuk kadalaryny bozýandygyny beýan edip; “Geliň meseläni stoluň başynda çözeliň, bu meseläni diplomatik ýollardan çözeliň, öz aramyzda çözeliň, diýilýän tekliplerimize garamazdan kanuna bap gelmeýän hereketleri dowam etdirseňiz, elbetde ýurdumyz degişli çäräni görmeli bolar. Bärdäki diskussiýanyň özeni Türkiýäniň “Mawy Watan” boýunça egilşiksiz pozisiýasynyň kanunlara doly bap gelmegi” diýdi.



Degişli Habarlar