Süleýman Soýlu Afrindäki terrorçylar bilen bagly beýannama berdi

Soýlu, Žandarma güýçleriniň esaslandyrylmagynyň 183-nji ýyly mynasybetli Žandarma güýçlerinden gelen wekiliýeti kabul etdi

1843061
Süleýman Soýlu Afrindäki terrorçylar bilen bagly beýannama berdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Siriýanyň Afrin sebitinden Türkiýä girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň ellerindäki ýaraglar bilen bilelikde ele salynandygyny habar berdi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Žandarma güýçleriniň esaslandyrylmagynyň 183-nji ýyly mynasybetli Žandarma güýçlerinden gelen wekiliýeti kabul etdi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu: "Häzirki wagtda Afrinde Hataý welaýatyndaky Amanos daglaryna geçmek islän terrorçylary ellerindäki ýaraglary bilen bilelikde ele saldyk. Afrinde Türkiýäniň Žandarma güýçleri, Polisiýa işgärleri bolmadyk bolsady ýa-da Afriniň howpsuzlygyny üpjün etmesedik şol terrorçylar Amanos daglaryna geçerdimi ýa-da geçmezdimi?" diýip belledi. 



Degişli Habarlar