Hulusi Akar grek deputatlara berk reaksiýa bildirdi

Akar, NATO-nyň Parlamentar Assambleýasynyň Syýasy komissiýasy bilen Ortaýer deňizi we Ýakyn Gündogar boýunça ýörite toparynyň maslahaty Stambulda başlady

1843149
Hulusi Akar grek deputatlara berk reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, NATO-nyň Parlamentar Assambleýasynyň Syýasy komissiýasy bilen Ortaýer deňizi we Ýakyn Gündogar boýunça ýörite toparynyň umumy maslahatynda Türkiýä garşy beýannamalar beren grek deputatlara berk reaksiýa bildirdi.  

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, NATO-nyň Parlamentar Assambleýasynyň Syýasy komissiýasy bilen Ortaýer deňizi we Ýakyn Gündogar boýunça ýörite toparynyň maslahaty Stambulda başlady. 

NATO-nyň Parlamentar Assambleýasynyň Syýasy komissiýasy bilen Ortaýer deňizi we Ýakyn Gündogar boýunça ýörite toparynyň habarnamasynyň maslahatlaşylmagyndan soň çykyş eden ministr Hulusi Akar, ondan soň bolsa deputatlaryň soraglaryna jogap berdi. 

Hulusi Akar, grek parlamentaryň biriniň "Kipriň demirgazygynda basyp alyşlygyňyz dowam edýär" sözlemini ulanmagyna berk reaksiýa bildirip: "Kipriň demirgazygynda basyp alyşlyk diýän bolsaňyz, eýýäm başyndan gowga etmek isleýärsiňiz diýmekdir. Türkiýe Kipriň demirgazygynda basyp alyjy däldir. Ol ýerde 1974-nji ýyla çenli gyrgynçylyklar, harby agdarlyşyklar edildi. Grekler bilen birlikdäki ähli adamlaryň janlary howp astyna girdi. Biz 1974-nji ýylda Parahatçylyk operasiýasyny geçirdik. 1974-nji ýyldan bäri hem Günorta hem-de demirgazyk parahatçylyk, asudalyk içinde ýaşaýar. Şony görmek gerek. Tarap tutmaly däl. 2014-nji ýylda BMG-nyň Annan meýilnamasyny, çözgüt bolsun diýip ähli kemçiliklere garamazdan türkler kabul etdi. Grek tarapy meýilnamany kabul etmedi" diýip habar berdi. 

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň 40 müň adamy öldürendigini, FETÖ-niň 2016-njy ýyldaky harby agdarlyşyk synanyşygynda 251 adamy öldürendigini aýdan Hulusi Akar: "Biz terror belasyndan ýurdumyzy, milletimizi halas etmek üçin arman-ýadaman tagalla edýäris. Bu meselede tutanýerlidiris. Biziň başga maksadymyz ýok. Eger siz biziň göreş alyp barýan, halkymyza ezýet berýän, 40 müň adamy öldüren, 251 adamy gyran PKK/ÝPG-e, FETÖ terror guramalaryna Gresiýanyň Lawrion düşelgesinde ýer berseňiz, onda onuň ady ýaranlyk bolmaz, bu dostluga tersdir. Şol ýagdaý alýansdaky gatnaşyklara hem zyýan ýetirer, hyzmatdaşlyk ruhuna hem tersdir" diýip mälim etdi. 

Grek deputatlaryň "Olar ýaly zat ýok" diýmeginden soň Hulusi Akar: "Olar ýaly zat ýok diýmäň. Gresiýanyň Lawrion düşelgesini bilmeýän ýok. Şolar ýaly Şwesiýa hem PKK/ÝPG-lilere ähli kömegi berýär. Onuň hem adamzat ne-de demokratiýa we adam hukuklary bilen arabaglanşygy ýok. Terrorçylara şolar ýaly mümkinçilikler berilse, biz hem şol adamlar bilen bir guramada bolmak islemeýändigimiz düşnükli" diýip nygtady. 

Ministr Hulusi Akar, ýene-de bir grek deputatyň "Türkiýäniň Harby-howa güýçleri grek adalarynyň üstünde uçýar" diýip aýtmagyndan soň: "Gresiýa degişli uçarlar 27-nji aprelde biziň ülkämize gelip Datça, Didim, Dalaman etraplarymyzda howa giňişligimiziň düzgünini bozdy. Siz şolar ýaly uzaklykdan gelip, ýagny Gresiýanyň esasy topraklaryndan Türkiýä gelip howa giňişligimiziň düzgünini bozýarsyňyz, ondan soň biziň näme edenimizi isleýärsiňiz? Şol hereketleriň radar bellikleri bar, hyzmatdaş ýurtlar bilen paýlaşdyk. Biz hem 28-nji aprelde şol hereketlere jogap berdik" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar