Prezident Erdogan: "Günbataryň syýasatyna ynanyp bolmaz" diýdi

Prezident Erdogan Wan welaýatyna guran saparynda ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi

1841898
Prezident Erdogan: "Günbataryň syýasatyna ynanyp bolmaz" diýdi

Ol ýerde eden çykyşynda Gresiýada gurulan bazalary ýatladyp geçen Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "5+4 bazalar guruldy, näme gursaňyz guruň. Şol bazalary näme sebäpli gurduňyz diýip soran mahalymyz berýän jogaplary örän manysyz, ruslara garşy diýip aýdýarlar. Bolýar ruslara garşy diýärsiňiz welin, Ukraina Russiýa garşy näme kömek berdiňiz, Ukrainanyň ýanynda durup bildiňizmi, Ukraina goldaw berip bildiňizmi? Ähli diýanleri ýalan. Bu Günbatara ynanyp bolmaz. Günbataryň alsaň ylymyny alyp bilersiň, sungadyny alyp bilersiň, emma syýasatda Günbataryň syýasatyna ynanyp bolmaz. Bular bizi Ýewropa Bileleşiginde hem, ýagny 1963-nji ýyldan bäri näme edýärler, häzirki wagtda hem güýmeýärler. Haçan başlady? Aslyna garanyňda 1959-njy ýylda başlady, emma şol günden bäri bizi güýmeýärler. Bularyň ýalanlary gutarmady, dogruçyllyk ýok bularda, dogruçyllyk biziň milletimizde bar" diýip belledi. 



Degişli Habarlar