Kommunikasiýalar edarasyndan Şwesiýa we Finlýandiýa bilen bagly diplomatik göçüm
Şol çäkde Prezident Erdogan başda bolmak bilen Daşary işler ministrligi "Terror duýgurlygy" meselesini diplomatik ýollar bilen NATO agza ýurtlara düşündirýär
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyklaryna garşy Türkiýäniň kanuny tezislerini düşündirmek üçin hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtlarda diplomatiýa işlerini geçirer.
Türkiýe Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň 13-nji maýda "Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygyna oňyn garamaýandyklaryny" aýtmagyndan soň, terror guramalaryny goldaýan ýurtlaryň NATO kabul edilmezligi babatyndaky tutanýerli pozisiýasyny goraýar.
Şol çäkde Prezident Erdogan başda bolmak bilen Daşary işler ministrligi "Terror duýgurlygy" meselesini diplomatik ýollar bilen NATO agza ýurtlara düşündirýär.
Diplomatiýasyny tizleşdiren Kommunikasiýalar edarasy hem 17-nji iýunda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirjek maslahatynda, Ukraina söweşinden soň NATO-nyň gelejegini güntertibe getirer.
Kommunikasiýalar edarasy, Prezident Erdoganyň 28-30-njy iýun aralygynda geçiriljek NATO maslahatyndan ozal, 28-nji iýunda Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde maslahat geçirip, halkara jemgyýetçiligine mesele bilen bagly beýannama berer.
Prezident Erdoganyň hem NATO maslahatynda Türkiýäniň terrora we terror guramalaryna goldaw berýän ýurtlara garşy pozisiýasyny üýtgetmejekdigi barada beýanat bermegine garaşylýar.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan müsürli kärdeşi Abdulati bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň mirasdar şazadasyny kabul etdi
Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy Akişinony kabul etdi