Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Hakkari welaýatynyň Kawakly diýilýän ýerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä Hakkari welaýatynyň Žandarma serkerdeligine degişli Žandarmanyň ýöriteleşdirilen toparlary we Žandarmanyň Komandos toparlary tarapyndan Harby-howa güýçleriniň goldaw bermeginde başladylan Eren Gabaw-2 operasiýasynyň çäginde Hakkari welaýatynyň Kawakly diýilýän ýerinde PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Içeri işler ministri Süleýman Soýlu sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ýerli howpsuzlyk gullugy, uçarmansyz howa ulagy we gözegçilik işleriniň netijesinde anyklanan terrorçylaryň howa güýçleriniň goldaw bermeginde täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi.
Beýleki tarapdan bolsa Içeri işler ministrligi tarapyndan Muş welaýatynda 578 harby gullukçynyň gatnaşmagynda Eren Gabaw-16 operasiýasy başladyldy.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolýar
Hakan Fidan, Gaga şäherinde Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen duşuşdy.
Erdogan Stambulda Žurnalistleriň Soraglaryna Jogap Berdi
Prezident R.T.Erdogan Stambulda Ysraýyl-Eýran dartgynlygy hakynda beýannama berdi.