Türkiýe Global Saglyk Bazaryndan 10 Milliard Dollarlyk Paý Almagy Meýilleşdirýär

Prezident R.T.Erdogan global saglyk bazaryndan 10 milliard dollarlyk paý almagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

1841179
Türkiýe Global Saglyk Bazaryndan 10 Milliard Dollarlyk Paý Almagy Meýilleşdirýär

Erdogan Stambulda Bosfor uniwersitetiniň Kandilli ylym, tehnologiýa we ylmy-barlag binasynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde, çuňňur tehnologiýa bazasy atlandyrylýan bu binanyň Türkiýäniň ylmy-barlag, gämilleşdiriş, täzeçil ekoulgama möhüm goşantlar goşjakdygynyna ynanýandygyny aýtdy.

Pandemiýada saglygy goraýyş pudagynyň goranyş senagaty ýaly ähmiýete eýediginiň görülendigini nygtan Erdogan, saglygy goraýyş pudagynyň isleglerini ýerli we milli şertlerde kanagatlandyryp, hem nagt ýetmezçiligini azaltmak hem-de şeýle önümleriň eksportuny ösdürmek isleýändiklerini nygtady.

Güýçli saglygy goraýyş infrastrukturasyna eýe bolmadyk ýurtlaryň näçe baý hem bolsa, uly howplaryň öňünde çaresiz galýandygyny aýdan Prezident: “Maglumat we tehnologiýa, önümçilik bilen, adam resurslary we infrastrukura bilen goldanmasa, pandemiýa ýaly agyr meseleleriň hötdesinden gelmegiň mümkin däldigini gördük, başdan geçirdik. Türkiýe soňky 20 ýylda ähli ugurda bolşy ýaly saglygy goraýyş ulgamynda-da goýan maýa goýumlary netijesinde agyr çökgünligi az ýitgiler bilen geçirmegiň hötdesinden geldi” diýdi.

Dünýäniň çar tarapyndan berjergi almak üçin millionlarça adamyň Türkiýä gelýändigini, milliard dollarlyk çykdajy edilýändigini aýdan Erdogan; “Geljek ýyl bolsa enşalla 1,5 million daşary ýurtly kesellä hyzmat edip, global saglyk bazaryndan 10 milliard dollarlyk paý almagy maksat edinýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar