Türkiýäniň Daşary işler ministri Çehiýa sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 10-11-nji iýun aralygynda Çehiýada saparda bolar

1840660
Türkiýäniň Daşary işler ministri Çehiýa sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Hormatly ministrimiz Çehiýanyň Daşary işler ministri Ýan Lipawskiýniň çakylygyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 10-11-nji iýun aralygynda Çehiýa Respublikasynda saparda bolar. çehiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň giňişleýin häsýetde ele alynjak duşuşyklarda, Ýewropa Bileleşigina agzalyk tapgyrymyz bilen sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşylmagy göz öňünde tutulýar. Saparynyň çäginde hormatly ministrimiziň Wekiller mejlisiniň başlygy tarapyndan kabul edilmegi, mundan başgada Çehiýada ýaşaýan raýatlarymyz bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär. Hormatly ministrimiz mundan başgada IV Aziýa-Ýewropa Syýasy forumyň açylyşynda çykyş eder" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar