Türkiýe Bangladeşe gynanç bildirdi

Türkiýe Bangladeşede bolan partlamada ýogalan adamlar zerarly gynanç bildirdi

1838006
Türkiýe Bangladeşe gynanç bildirdi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Bangladeşiň Çittagong şäheriniň golaýyndaky konteýner ammarynda şenbe güni bolan partlamada we ondan soň bolan ýangynda köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Dostlukly we doganlyk Bangladeşiň halkyna we hökümedine gynanç bildirýäris, ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 

Bangladeşiň metbugatynyň berýän habaryna görä, Çittagong şäherinde şenbe güni bolan partlamada we ondan soň bolan ýangyn sebäpli 49 adam ýogaldy, 300-den gowrak adam ýaralandy. 



Degişli Habarlar