Milli Goranmak Ministri Akar Ruminiýada Saparda Bolýar

Kabul edilşikde özara we sebitara meseleler bilen birlikde harby hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

1836929
Milli Goranmak Ministri Akar Ruminiýada Saparda Bolýar

Resmi sapar bilen Ruminiýa giden Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Prezident Kluas Werner Ýohannis tarapyndan kabul edildi.

Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler bilen birlikde Ruminiýada saparda bolýar.

Ruminiýanyň Goranmak ministri Wasile Dinku bilen duşuşan Hulusi Akar soň bolsa Prezident Ýohannis tarapyndan kabul edildi.

Kabul edilşikde özara we sebitara meseleler bilen birlikde harby hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar kabul edilşikde Prezident Erdoganyň salamyny gowşurdy.

Hulusi Akar saparynyň çäginde Ruminiýanyn Premýer-ministri Nikolaýe Çuka bilen hem duşuşdy.

 



Degişli Habarlar