“Terrorizme Garşy Göreşe Meýilsiz Bolan Ýurtlaryň Ankarada Görkezme Berjek Ýeri Ýok”

Prezident R.T.Erdogan merkezi Britaniýada ýerleşýan “Ekonomist” žurnaly üçin makala ýazdy.

1835125
“Terrorizme Garşy Göreşe Meýilsiz Bolan Ýurtlaryň Ankarada Görkezme Berjek Ýeri Ýok”

Türkiýäniň 70 ýyldan bäri NATO-nuň buýsançly we ýüzöwrülmesiz agzasydygyna ünsi çeken Erdogan, Türkiýäniň azatlygy hem-de demokratiýany goramak üçin Koreýa goşun ugratmagyndan soň 1952-nji ýylda alýansa goşulandygyny, Sowuk söweş döwründe we ondan soň Türkiýäniň Ýakyn Gündogar, Kawkaz, Gara deňiz sebitlerinde durnuklylygy üpjün ediji we goşant goşujy tarap bolup çykyş edendigini, türk goşunlarynyň bolsa NATO-nyň çäginde Kosowadan Owganystana çenli dünýäniň ençeme sebitinde iş alyp barandygyny ýatlatdy.

Erdogan Türkiýäniň ýakyn sebitinde içerki uruşlar başdan geçirilýärkä NATO-dan käbir kanuny we ýerlikli talaplarynyň bolandygyny nygtap; “NATO üçin Türkiýäniň nähili möhüm we ähmiýetli ýurtlardan biridigi ähli ýurtlar tarapyndan ykrar edilýärkä, käbir agzalaryň Türkiýä gönükýän käbir howplara doly göz ýetirmezligi gelşiksiz ýagdaýdyr. Türkiýäniň garaýyşyna görä Şwesiýanyň we Finlandiýanyň agzalyga kabul edilmegi öz howpsuzlygy hem-de guramanyň gelejegi taýdan howpludyr. 5-nji madda görä NATO-nyň esasy güýçlerinden biri bolan ýurduň kömegine garaşýan şol ýurtlaryň, ÝB we ABŞ tarapyndan hem terror guramasy hökmünde ykrar edilýän PKK ýaran toplamak, maliýe we propoganda işleriniň öňüni almagyna garaşmak tebigy hakymyzdyr” diýdi.

“Türkiýe Şwesiýanyň ýurdumyza goýan ähli ýarag embargosunyň NATO-nyň harby ýaranlyk ruhuna bap gelmeýändigini beýan edýär” diýen Erdogan; “Şuňa meňzeş çäklendirmeleriň diňe bir milli howpsuzlygymyz üçin däl, NATO-nyň pozisiýasy taýdan hem zyýanly netijeleri bar. Şwesiýanyň we Finlandiýanyň alýansa goşulmakda egilşiksiz işleği hem NATO-nyň gün tertibine gereksiz maddany goşdy. Türkiýäniň Şwesiýanyň we Finlandiýanyň agzalyklaryna garşy durmagy, şol bir wagtda-da häzirki wagta çenli terrorda zyýan çeken agzalaryň adyndan edilen ygrarly başlangyçdyr. Terroruň dini, milleti we reňki ýokdur. Maksady asuda ilata zyýan ýetirmek bolan her bir guramanyň garşysynda her bir agza ýurduň egilşiksiz durmagy alýansyň esasy missiýalaryndan biridir. Haýsydyr bir ýurduň bu meselede aýratynlygy ýokdur” diýdi.

Şwesiýanyň we Finlandiýanyň ýaran bolmak isleýän döwletleriniň howpsuzlyk adalaryna boljak çemeleşmeleriniň Türkiýäniň adybir ýurtlary ýaran hökmünde görüp görmejekdigini kesgitlejekdigini nygtan Erdogan; “Alýansyň agzalyk tapgyryna oňyn çemeleşýän Türkiýäniň degişli bolan guramasy bilen gatnaşyklaryny analiz etmäge synanşýanlaryň sowatsyzlygy we sylaşyksyzlygy biziň pozisiýamyzy üýtgetmez. Diplomatiýa we dialoga açyk bolan ýurdumyz, bu tagallalaryň dalaşgär ýurtlary razy etmäge gönükmegini maslahat berýär. Terrorizme garşy göreşe meýilsiz bolan döwletiň Ankarada görkezme berjek hasydyr bir edarasy ýok. NATO agzalarynyň terrorizme garşy göreş boýunça iki strandartly çemeleşse, alýansyň ygtybary we ynamdarlygy azalar” diýdi.



Degişli Habarlar