Hulusi Akar, Abu Dabiniň Emiri Tarapyndan Kabul Edildi

Kabul edilşikde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara goranyş we howpsyzlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

1835052
Hulusi Akar, Abu Dabiniň Emiri Tarapyndan Kabul Edildi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baştutany we Abu Dabiniň Emiri Şyh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýan tarapyndan kabul edildi.

Resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine giden Hulusi Akar paýtagt Abu Dabide BAE-niň Goranmakdan jogapkär döwlet ministri Muhammed Bin Ahmad Al Bowardi bilen duşuşdy.

Milli Goranmak ministri Akar soň bolsa, Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baştutany we Abu Dabiniň Emiri Şyh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýan tarapyndan kabul edildi.

Kabul edilşikde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara goranyş we howpsyzlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Abu Dabiniň Emiri Şyh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýana Prezident Erdoganyň salamyny gowşuran Akar, Şyh Halif bin Zaýed Al Nahaýanyň ýogalmagy sebäpli gynanç bildirdi we Döwlet baştutanlygyna saýlanan Şyh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýany gutlady.

 



Degişli Habarlar