Germaniýanyň we Fransiýanyň ilçileri Daşary işler ministrligine çagyryldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Germaniýanyň we Fransiýanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri Daşary işler ministrligine çagyryldy" diýdi

1835244
Germaniýanyň we Fransiýanyň ilçileri Daşary işler ministrligine çagyryldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Germaniýanyň we Fransiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileriniň ekstremist terror guramasy PKK-nyň şol ýurtlarda geçiren protestleri sebäpli Daşary işler ministrligine çagyrylandygyny we özlerine nota berilendigini habar berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Anadoly habarlar agentlgine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi. 

Germaniýada we Fransiýada PKK tarapyndan geçirilen aksiýalaryň üstünde durup geçen Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Iki ýurdyň ilçileri Daşary işler ministrligine çagyryldy we olara nota berildi. Olara PKK-nyň esgileri bilen geçirilen protestleriň mundan soň gaýtalanmazlygyň gerekdigini aýtdyk" diýip habar berdi. 

Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyrynyň hem üstünde durup geçen Mewlüt Çawuşogly: "Gepleşiklerde näme sebäpli garşydygymyzy olara ýetirýäris. Terrora garşy göreşimizde bize goldaw beriljekdigi barada söz bermelidirler" diýip belledi. 

"Finlýandiýa degişlilikde has oňyn garap bileris" diýen Mewlüt Çawuşogly: "Terrora garşy kanunlaryny üýtgetmekleri gerek" diýip nygtady. 

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e garşy guralmagy ähtimal operasiýa barada Mewlüt Çawuşogly: "Hüjümler dowam edýän mahaly ýöne oturmarys" diýip belledi. 

"BMG-den we halkara hukukdan gözbaş alýan haklarymyz bar" diýen Mewlüt Çawuşogly: "Terror howpuny ýurdyň içinde we daşynda, Siriýada ýa-da nirede bolsa bolsun şol ýerde saplamak biziň jogapkärçiligmiz" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly Gresiýanyň Egeý deňizindäki adalary ýaraglandyrmagy bilen bagly bolsa: "Gerek bolan duýduryşlary berdik, BMG-na iki hat ugratdyk" diýip mälim etdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Gresiýa şol düzgün bozmalary boýunça yza ädim etmese adalaryň özygtyýarlylygyny jedelleşige açarys" diýip ýene-de duýduryş berdi. 



Degişli Habarlar