Milli Goranmak ministri Hulusi Akar BAE-de Saparda Bolýar

Hulusi Akar, Birleşen Arap Emirlikleriniň Goranmakdan jogapkär Döwlet ministri Muhammed Bin Ahmad Al Bowardy bilen duşuşdy.

1834772
Milli Goranmak ministri Hulusi Akar BAE-de Saparda Bolýar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Birleşen Arap Emirlikleriniň Goranmakdan jogapkär Döwlet ministri Muhammed Bin Ahmad Al Bowardy bilen duşuşdy.

Resmi sapar bilen BAE-ne giden Hulusi Akar, paýtagt Abu Dabide, Birleşen Arap Emirlikleriniň Goranmakdan jogapkär Döwlet ministri Muhammed Bin Ahmad Al Bowardy tarapyndan garşylandy.

Hulusi Akar bilen Al Bowardy özara we sebitara gatnaşyklar bilen birlikde harby tälim we goranyş senagaty pudagynda edilýän hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdy.

Ministr Akar duşuşykdan soň Wahat Al Karama şehitligine bardy.

Hulusi Akaryň sapary bilen Türkiýeden BAE-ne goranmak ministri derejesinde 15 ýyl soň ilkinji resmi sapar guraldy.

 



Degişli Habarlar