Prezident Erdogan Milli Älem programmasy barada beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Milli Älem programmasynyň çäginde bir türk raýatynyň Halkara Emeli hemra bekedine ugradylmak bilen bagly tapgyry resmi ýagdaýda başlatdy

1831259
Prezident Erdogan Milli Älem programmasy barada beýannama berdi

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.  

"Milli Älem programmamyzyň çäginde 1 türk raýatynyň Halkara Emeli hemra bekedine ugradylmak bilen bagly tapgyry resmi ýagdaýda başladýarys" diýip aýdan Erdogan: "Bu bolsa milli wezipe bolar. Älem giňişligine ugratjak raýatymyz, özüniň ýa-da Türkiýedäki beýleki alymlaryň grawitasiýasyz älem giňişligi gurşawynda amala aşyrmak isleýän ylmy synaglary ýerine ýetirmek mümkinçiligine eýe bolsun. Bu milli wezipä ýüz tutmak üçin uzaya.gov.tr saýtyny döretdik. 45 ýaşdan kiçi Türkiýe Respublikasynyň islendik raýaty bu wezipe üçin ýüz tutup bilerler" diýip habar berdi.

Ýüz tutanlaryň arasynda saýlanjak iki dalaşgäriň Türkiýäniň bilim ilçisi hökmünde älem giňişligine çykmak üçin ähli tälimleri aljakdygyny aýdan Erdogan: "Beriljek dersleriň ahyrynda iki dalaşgäriň biri öz üstüne alan taryhy ädimleri üçin 2023-nji ýylda Halkara Emeli hemra bekedine ugradylar. Şübhesiz gök asmana iň gowy gelişýän baýdak aý-ýyldyzly baýdagymyzdyr" diýip belledi.



Degişli Habarlar