TRT-niň Baş Müdiri Sobajy Ýewropaly Ýaýlym Organlaryny Terrorizme Garşy Durmaga Çagyrdy

TRT-niň guramagynda 41 ýurtdan 200-e golaý ýokary derejeli ýaýlym organlarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen Media sammitini geçirdi.

1831071
TRT-niň Baş Müdiri Sobajy Ýewropaly Ýaýlym Organlaryny Terrorizme Garşy Durmaga Çagyrdy
Z.Sobacı.2.jpg
Z.Sobacı.3.jpg
Z.Sobacı.4.jpg

TRT-niň Baş Müdiri Sobajy Ýewropaly Ýaýlym Organlaryny Terrorizme Garşy Durmaga Çagyrdy

 

Ýewropanyň Ýaýlym Bileleşigi (European Broadjasting Union – EBU), TRT-niň guramagynda 41 ýurtdan 200-e golaý ýokary derejeli ýaýlym organlarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen Media sammitini geçirdi. Sammitde çykyş eden TRT-niň Baş Müdiri Sobajy: “Global terrorizme garşy iň güýçli göreşi alyp barýan Türkiýäniň döwlet ýaýlym organy TRT-niň, terrorizmiň gelip çykýan ýerine we maksadyna garamazdan oňa bilelikde garşy durmak üçin hyzmatdaşlyk etmäge çagyýarys” diýdi.

EBU-nyň wekilleri, pandemiýa sebäpli iki ýyl soň ilkinji gezek fiziki şertlerde geçirilen çärä gatnaşdylar. TRT-niň guramagynda Stambulda geçirilen EBU Media Sammitine TRT-niň Baş Müdiri Mehmet Zahid Sobajy we EBU-nyň Baş Direktory Noel Kurranyň ýany bilen 41 ýurtdan 200-e barabar ýokary derejeli ýaýlym işgäri gatnaşdy. İki gün dowam etjek çärede döwlet ýaýlym ulgamynyň gelejegi, üstesinden gelinmeli kynçylyklary, täze ýönelişler we ýaşlara elýeterlilik ýaly ençeme mesele ara alynyp maslahatlaşylar.

 

“Prezidentimiziň “Dünýä bäşden uludyr” şygary, ählimiziň bilelikdäki we howpsuz gelejegine goýuljak ýeke-täk maýa goýumyň beýanydyr

Sammiti açan TRT-niň Baş Müdiri Mehmet Zahid Sobajy, uzak dowam eden aradan soň fiziki şertlerde geçirilen 2022 EBU Media Sammitini guramagyň özleri üçin tolgundyryjy wakadygyny beýan etdi. Adaty gymmatlyklarymyz bolan bitaraplyk, adalatlylyk we dogruçyllyk gelejegiň digital mediasynyň hem üýtgewsiz standarty bolmalydygyny nygtan Sobajy;

“Şol maskat bilen EBU-nyň agzalary hemişekisinden has arkalaşykly, asuda gelejek we şol bir wagtda-da ýaýlym medeniýetiniň baýlaşmagy üçin bilelikde we döredijilikli başlangyçlar bilen hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirip, giňeltmäge dowam etjekdigimize ynanýaryn. Bilelikde hasam güýçlenýändigimizi ýatdan çykarmalyň” diýdi.

Soňky ýyllarda esasy global media organlaryndan birine öwrülen TRT-niň 18 teleýaýlymy, 17 radio ýaýlymynyň ýany bilen 9 digital platformasy, digital oplikasiýalary, ýerli we halkara derejede ençeme çäre bilen ýurdumyzda ýaýlymçylygyň liderliğini durnukly gorap gelýändigini aýdan TRT-niň Baş Müdiri Sobajy: “Indi adamlara we sebitlere tapawut goýmazdan dünýäni bitewi görüp; her bir adamyň gymmatlydygy garaýyşy bilen, ýok hasap etmegiň çözgüt däldigine göz ýetireliň. Prezidentimiz Hormatly R.T.Erdoganyň halkara platformarda ýygy-ýygydan beýan edýän “Dünýä bäşden uludyr” şygary, adalatly global ulgamyň gurulmagynyň mottosy; ählimiziň umumy we howpsuz gelejemize goýuljak ýeke-täk maýa goýumyň beýanydyr. Eýsem Türkiýe şu günki günde dünýäniň parahatçylyk giňişligi hökmünde iň bir esasy halkara meselelerde liderleriň duşuşan, global halk köpçüliginiň hoş habarlara garşýan, medeni jebislikleriň we çözgüt teklipleriniň ýüze çykýan saýlama ýurtlarynyň hatarynda durýar. Şol çäkde EBU-nyň hem aýratyn ähmiýet berýän ugurlaryndan biri bolan ýaşlar bilen döwlet ýaýlymynyň gatnaşygyny ileri tutýan, olaryň global meselelere garaýyşy we çözgüt tekliplerini hödürlemegine şert döredýän işleri alyp barýarys” diýdi.

TRT-niň hakara habar platformalary hakynda-da durup geçen Sobajy, “TRT şu günki günde telewideniýe we radio ýaýlymlarymyz, digital platformalarymyz bilen dünýäniň 7 materigine 41 dilde we dialektde ýaýlymlarymyzy ýetirýäris. TRT World-iň ýany bilen digital habarlar platformalarymyz TRT nemesçe, TRT rusça, TRT arapça bilen bilelikde golaýda TRT fransuzçany açyp, onuň halkara ýaýlymlar maşgalamyza goşulmagyny belläp geçdik. Şonuň ýany bilen Afrika, Balkan we pars dillerinde digital habar platformalarynyň açylmagy üçin taýýarlyklarymyz dowam edýär” diýdi.

 

“Terrorizmiň gelip çykýan ýerine we maksadyna garamazdan oňa bilelikde garşy durmak üçin ýokary hyzmatdaşlyga çagyrýarys”

Çökgünlikleri, meseleleri we özgerlişikleri digitallaşma tapgyrynda garaşsyz göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini nygtan Sobajy, EBU-nyň Media Sammitinde taryhy çagyryş etdi. Sobajy; “Biz döwlet ýaýlym organlary bolup, maglumat hapalygynyň, bilkastlaýyn ugrukdyryş operasiýalarynyň we dezinformasiýanyň garşysynda bar güýjümiz bilen göreşmeli esasy guramalar. Döwlet ýaýlym işgarleri bolup, borjumyz bular bilenem çäkli däl. Radikalizme, girdeji adalatsyzlygy, global terrorizm, kiber howpsuzlyk we ekologik meseleler hakynda halk köpçüligine maglumat berip, gözýetimini giňeltmeli. Global terrorizme garşy iň güýçli göreşi alyp barýan Türkiýäniň döwlet ýaýlym organy TRT, terrorizmiň nireden gelip çykýandygyne we maksadyna garamazdan oňa garşy bilelikde göreşmek üçin hyzmatdaşlyga çagyrýarys” diýdi.

 

“Türkiýe, ABŞ-dan soň tele-serial eksportunda ikinji orunda”

TRT-niň teleseriallarynyň we bilelikdäki önümleriniň üstünligi bilen digital işleri hakynda sammitde maglumat beren Sobajy: “TRT-niň seriallaryna global derejede bildirilýän islege ünsleri çekmek isleýärin. Türkiýe, ABŞ-dan soň teleserial eksportunda dünýäde ikinji orunda durýar. Bu üstünlikde guramamyzyň dünýä derejesinde teleserial satuwlary boýunça işlere öňbaşçylyk etmeginde gaýragoýulmasyz paýy bar. Teleseriallarymyza, bilelikdäki filmlerimize we multifilmlerimize uly isleg bildirilýär. Birnäçe aýyň dowamynda halkara TRT digital wideo platformamyzy açmak üçin taýýarlyklarymyzy dowam etdirýäris. Şol digital platforma we taýýarlanjak täze kontentler şol bir wagtda-da EBU-nyň agzalary bilen iş ýüzüne geçiriljek bilelikdäki işleriň ýany bilen EBU pre-buy torunyň hödürleýän şertlerinden we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerinden artykmajy bilen peýdalanmaga ýol açar. TRT, pandemiýada EBU-nyň “Kontent Appeal” ady bilen başladan we agzalaryň tölegsiz gepleşik alyp bilýän gepleşik howuzy oplikasiýana dokumental film, drama ýaly dürli görnüşlerde gepleşik kontentleri bilen işjeň goşant goşdy. Şonuň bilen bilelikde TRT kino pudagynda-da soňky halkara hyzmatdaşlyklary günsaýyn güýçlendirip, özüni tanadýar. Soňky üç ýylda TRT-niň bilelikdäki kino-filmleri Kan, Berlin, Barloby Wary, Wenesiýa, San Sebastiýan, Warşawa we Lokarno film festiwallary ýaly 300-den gowrak ýerli we halkara festiwalda 275 baýrak aldy. TRT aýratynam Halkara fim festiwallarynda berilen TRT ýörite baýraklary, konstruktiw hyzmatdaşlyklary we çäreleri bilen hem bu ugurdaky ýaranlyga hyzmatdaşlyga goşant goşýar.”

Sammitde çykyş eden EBU-nyň Baş Direktory Noel Kurran bolsa TRT-niň bu ajaýyp çäräni gurany we myhmansöýerligi üçin sagbolsun aýdyp, “Bilelikde bolmak biziň üçin iňňän möhüm. Pursatdan peýdalanyp TRT bilen hyzmatdaşlygymyzyň hasam artmagyny tama edýäris” diýdi.

Ýewropada jemgyýetçilik ýaýlym organlaryny jebisleşdirmek maksady bilen döredilen EBU, dünýädäki jemgyýetçilik ýaýlym bileleşikleriniň esasylaryndan biri kabul edilýär.

 



Degişli Habarlar