Erdogan: "Şwesiýanyň bize garşy goýan ýarag embargosyny ünsden düşürip bilmeris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Şwesiýanyň Türkiýä garşy goýan ýarag embargosyny ünsden düşürip bilmejekdiklerini habar berdi

1830849
Erdogan: "Şwesiýanyň bize garşy goýan ýarag embargosyny ünsden düşürip bilmeris" diýdi

Prezident Erdogan Göljük gämi ussahana serkerdeliginde geçirilen dabarada çykyş etdi. 

Türkiýäniň täze görnüş suwasty gämileriniň tehniki aýratynlyklary bilen öňe çykýandygyny aýdan Erdogan: "Şu ýyldan başlap her ýyl bir suwasty gämini hyzmata berip, 2027-nji ýyla çenli 6 sany suwasty gämimizi harby-flodymyza goşarys" diýip mälim etdi. 

Ýurduň taryhynyň hiç bir döwründe hasaplaşmadan täze mümkinçilige eýe bolmandygyny, örän tutanýerli göreşler alyp barandyklaryny aýdan Erdogan: "DAIŞ-iň serhediň golaýyndaky welaýatlarymyzy nyşana alyp hüjümler guran mahaly, howa goranyş ulgamlarymyzy sökülip alynyp gidildi. Bize puluna berilmeýän ýaraglar DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen eli ganly terror guramalaryna (PKK) ýük ulaglary bilen berildi. Türkiýe terror koridory bilen daşy gabalmak islendi. Dost diýip hasaplaýan ýurtlaryň hyýanatlaryna, hyzmatdaş hasaplaýan ýurtlaryň alyp baran oýunlaryna garamazdan, terrora garşy göreşde üstün çykdyk. Türkiýe goranyş zerurlyklarynyň üpjünçiligi boýunça we 40 ýyllyk terrora garşy göreşde ýaranlaryndan garaşan goldawyny alyp bilmedi" diýip habar berdi. 

Şwesiýanyň NATO agzalygynyň hem üstünde durup geçen Erdogan: "Şwesiýanyň bize garşy goýan ýarag embargosyny ünsden düşürip bilmeris, onuň makul bir düşündirişi ýokdyr. NATO-da eýeleýän rolumyz açyk ýagdaýda ortada bolan mahaly, sanksiýalaryň aýrylmagy barada gürrüň edýäris. Tamalarymyz ýerine ýetirilmeli, anyk ädimler edilmeli" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar