Prezident Erdogan Adanada Ýaşlar Bilen Duşuşdy

Erdogan, Türkiýäniň maksadyna ýetmeginde ýaşlaryň uly rol oýnaýandygyny belledi.

1830256
Prezident Erdogan Adanada Ýaşlar Bilen Duşuşdy
erdogan adana'da genclerle bulustu.jpg
erdogan adana'da genclerle bulustu.jpg
erdogan adana'da genclerle bulustu.jpg
erdogan adana'da genclerle bulustu.jpg
erdogan adana'da genclerle bulustu.jpg

Prezident R. T. Erdogan, Täze Adana stadionynda Türkiýäniň 81 welaýatyndan gelen ýaşlar bilen duşuşdy.

Duşuşykda ýaşlara ýüzlenip çykyş eden Erdogan, Türkiýäniň maksadyna ýetmeginde ýaşlaryň uly rol oýnaýandygyny belledi.

Erdogan, 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynyň yza serpikdirilmeginde hem ýaşlaryň uly rol oýandygyna ünsi çekdi.

Ýaşlaryň gazan üstünlikleri bilen Türkiýäniň maksadyna ýetijekdigini nygtan Erdogan, “Ýokary okuw jaýlarynda, bilimden sporda çenli birnäçe ugurda uly üstünlikler gazanýan ýaşlar üçin eşretli geljegi taýarlarys” diýdi.

Ýurtda her bir adamyň hak-hukugy we erkinli üçin göreşýändiklerini aýdan Prezident Erdogan, terror guramalaryna garşy alnyp barylýan egilşiksiz göreşiň üstünlikli dowam edýändigini belledi.

Adanada 81 welaýatdan gelen ýaşlar bilen birlikde doganlyk ýüzlenmesini berýändiklerini aýdan Prezident Erdogan “Ýaşlaryň arasynda dartgynlygyň ýüze çykarylmagyna rugsat bermeris” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar