“Russiýa we Ukraina Bilen Deňagramly Syýasat Alyp Barýarys”

Prezident Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramy mynasibetli ýurduň çar tarapyndan gelen ýaşlar bilen duşuşdy.

1829539
“Russiýa we Ukraina Bilen Deňagramly Syýasat Alyp Barýarys”

Prezident R. T. Erdogan “Russiýa we Ukraina bilen deňagramly syýasat alyp barýarys” diýdi.

Prezident Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramy mynasibetli Millet kitaphanasynda ýurduň çar tarapyndan gelen ýaşlar bilen duşuşdy.

Ýaşlaryň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky soraglaryna jogap beren Erdogan “Russiýa we Ukraina bilen deňagramly syýasat alyp barýarys. Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirýärin. Iki lider bilen aragatnaşyk saklamaga dowam ederin. Ýörite wekilim iki ýurda hem saparlar guraýar. Mundan soňky etapda hem bu syýasatymyzy dowam etdireris” diýdi.

Prezident Erdogan, täze jahan urşunyň hiç kim üçin bähbitli bolmajakdygyny belledi.



Degişli Habarlar