Ermenistan, Azerbaýjan Meselesinde Ýagşy Niýetli Çemeleşmelere Oňyn Jogap Bermeli

Mewlüt Çawuşogly, BMG-nyň İmmigrantlar forumyna gatnaşandan soň azerbaýjanly žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

1829621
Ermenistan, Azerbaýjan Meselesinde Ýagşy Niýetli Çemeleşmelere Oňyn Jogap Bermeli

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ermenistanyň Azerbaýjan meselesinde ýagşy niýetli çemeleşmelere oňyn jogap bermelidigini nygtap, “Ermeni hökümetine içerdäki radikallar we daşardaky diaspora tarapyndan basyş edilýändigini görýäris” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly, BMG-nyň İmmigrantlar forumyna gatnaşandan soň azerbaýjanly žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Azerbaýjanyň, gazanan Garabag ýeňişinden soň parahatçylyk we sebitde durnuklylyk isleýändigini görkezendigini nygtan Çawuşogly, Ermenistana giň gerimli parahatçylyk şertnamasyny teklip edendigini belledi.

Serhetleriň kesgitlenilmegi üçin bilelikdäki komissiýanyň döredilmeginiň gün tertibine gelendigini, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen maslahatlarda bu meseleler boýunça ylalaşyk gazanylandygyny we bilelikdäki komissiýanyň öz içine başlandygyny ýatladan Çawuşogly, “Giň gerimli parahatçyk gepleşikleri daşary işler minisleri derejesinde alnyp barylsyn diýdiler we biz hem hoşal bolduk” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyň, Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gepleşiklere hem goldaw berýändigine ünsi çekdi.

 

 



Degişli Habarlar