Türkiýäniň Daşary işler ministri BMG-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen Russiýa-Ukraina söweşi we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

1829117
Türkiýäniň Daşary işler ministri BMG-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, BMG-nyň Baş Merkezinde BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi. 

BMG-nyň Baş sekretarlygynyň metbugat geňeşliginden berilen beýanata görä, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkiýä köptrapalaýynlyga berýän goldawy we BMG-na goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Russiýa-Ukraina söweşiniň we sebitleýin meseleleriň ele alynandygy bellenen beýanatda, Siriýa, Liwiýa, Owganystan we Kipr meseleleriniň hem maslahatlaşylandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar