Türk Daşary işler ministri ABŞ-da saparda bolýar

Çawuşogly, ol ýerdäki Türk Öýünde Türk-Amerikan jemgyýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirdi

1828707
Türk Daşary işler ministri ABŞ-da saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 24-nji fewralda başlan söweşiň dowam etmegini isleýän ýurtlaryň bardygyny görýändiklerini, onuň jerimesini bolsa Ukrainanyň we Russiýanyň halkynyň çekýändigini beýan etdi.

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Mewlüt Çawuşogly, ol ýerdäki Türk Öýünde Türk-Amerikan jemgyýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirdi.

Koronawirus epidemiýasy tamamlandy diýilýän mahaly, Ukraina söweşiniň başlandygyny we sebitdäki meseleleriň häzirki wagtda hem dowam edýändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: “Bular ýaly wagtda liderlik görüşi we sagdyn pikirlilik altyn ýaly gymmatly. Ol Ukraina söweşinde hem aýdyň ýagdaýda görüldi. Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň öňbaşçylyk etmeginde işjeň we ýörelgeli daşary syýasatymyz bilen bu kyn günlerde ýolumyzy dowam etdirýäris we şu tapgyrda alyp barýan syýasatymyz her kim tarapyndan görülýär, takdyr edilýär” diýip belledi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 24-nji fewralda başlan söweşiň dowam etmegini isleýän ýurtlaryň bardygyny görýändiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly, onuň jerimesini bolsa Ukrainanyň we Russiýanyň halkynyň çekýändigini beýan etdi.

Iki ýurdyň arasynda iň gysga wagtda ylalaşygyň baglaşylmagynyň gerekdigini aýdan Çawuşogly, asuda ilatyň ewakuasiýasy babatynda bolsa Türkiýäniň BMG-nyň Baş sekretary bilen iş alyp barýandygyny aýan etdi.

Ynsanperwer kömek babatynda BMG-nyň Baş sekretarynyň teklip eden we düzüminde BMG, Türkiýe, Russiýa we Ukraina ýaly ýurtlaryň bolan toparyň üstünde durup geçen Çawuşogly: “Öňümizdäki günlerde tehniki derejede bir maslahatyň geçirilmegini meýilleşdirýäris” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar