Kosowanyň Goranmak Ministri Ankarada Saparda Bolýar

Ministr Akar myhman kärdeşini Milli Goranmak ministrliginde resmi dabara bilen garşylady.

1829036
Kosowanyň Goranmak Ministri Ankarada Saparda Bolýar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, resmi sapar bilen Ankara gelen Kosowanyň Goranmak ministri Armend Mehaž bilen duşuşdy.

Ministr Akar myhman kärdeşini Milli Goranmak ministrliginde resmi dabara bilen garşylady.

Iki kärdeş garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda sebitara goranyş, howpsyzlyk we goranyş senagaty pudagynda iki ýurduň arasynda edilýän hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Akar duşuşykda Türkiýe bilen Kosowanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň artdyrylmalydygyny belledi.

 



Degişli Habarlar