“Eren Gabaw-10” Operasiýasy Başladyldy

Beýannamada operasiýa 915 harby hünärmeniň gatnaşýandygy bellenildi

1828670
“Eren Gabaw-10” Operasiýasy Başladyldy

Agry welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy “Eren Gabaw-10” operasiýasy başladyldy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada, “Eren Gyş-9” Agry dagy” operasiýasynyň çäginde, PKK-nyň Agry dagyndaky terrorçylarynyň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin edilýän tagallalaryň depgininiň güýçlenendigi nygtaldy.

Milli Howpsyzlyk gullugy tarapyndan Eýrandan 5 adamlyk terrorçy toparyň sebite geljekdigi barada berlen maglumatdan soň “gözle-tap-ýok et” taktikasy bilen Agry dagynda “Eren Gabaw-10” şehit esger Çetin Ak operasiýasynyň başladylandygy nygtaldy.

Beýannamada operasiýa 915 harby hünärmeniň gatnaşýandygy bellenildi.

Beýannamada, Eýran serhedinden başlap Agry dagyndaky gowaklaryň we gaçybatalgalaryň ýeke-ýekeden gözlenýändigi, operasyýanyň birinji gününde düýn bolan çaknyşykda sebite girmäge çalşan ekstremist terror guramasyna agza 1 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Beýannamada, ýurduň içinde terroryň dolulygyna ýok edilmegini maksat edinýän “Eren Gabaw” operasiýalarynyň halkyň goldaw bermeginde üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi nygtaldy.



Degişli Habarlar