Erdogan: "NATO-nyň giňelmegi duýgurlygymyza goýuljak hormat bilen manylydyr" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýä terrorçylary bermeýän ýurtlaryň NATO agzalygyny goldamajakdyklaryny belläp: "NATO-nyň giňelmegi duýgurlygymyza goýuljak hormat bilen manylydyr" diýip belledi

1828890
Erdogan: "NATO-nyň giňelmegi duýgurlygymyza goýuljak hormat bilen manylydyr" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki topariçi maslahatynda çykyş etdi.

NATO-daky hyzmatdaşlardan Türkiýäniň duýgurlygyna düşünmeklerine we oňa goldaw bermäge garaşýandyklaryny aýdan Erdogan: “Türkiýäniň öz serhetlerini goramak bilen bagly tagallalaryna düşünmeklerine garaşýarys. Siz bize terrorçylary bermeýärsiňiz, ondan soň bolsa bizden NATO agza bolmak üçin goldawa garaşýarsyňyz. Ekstremist terror guramasy PKK-a goldaw berip, agzalyk üçin goldaw berilmegini islemek gapma-garşylykdyr. Biz terroçylary bermeýän ýurtlaryň NATO agzalygyny goldamarys. NATO-nyň giňelmegi duýgurlygymyza goýuljak hormat bilen manylydyr” diýip nygtady.

Prezident Erdogan: “Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy bilen bagly gepleşikler geçirmek üçin duşenbe güni Türkiýä gelmek isleýärmişinler, olar ýöne ýere ýadamasynlar, terror guramanyň agzalary entegem Şwesiýada gezip ýörler” diýip habar berdi.

“Biziň hiç kimiň ýerinde gözümiz ýok, howpsuzlygymyza wehim salýan hereketleri gözbaşynda ýok etmekde tutanýerlidiris” diýen Erdogan: “NATO-daky hyzmatdaşlarymyz Türkiýäni nyşana alýan terror guramalaryna ýarag we ok-däri kömegini bermedimi? Terror guramalary has hem ulalsyn diýip ýüz millionlarça ýewro olara berýärler” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar