Prezident Erdogan BAE-ne bardy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan BAE-niň Döwlet başlygy we Abu-Dabiniň Emiri Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşyk geçirdi

1828430
Prezident Erdogan BAE-ne bardy

BAE-niň ozalky Döwlet başlygy Şeýh Halife Bin Zaýed Al Nahaýan geçen hepdäniň anna güni aradan çykypdy. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan BAE-niň Döwlet başlygy we Abu-Dabiniň Emiri Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeş bolupdy we oňa gynanç bildiripdi. 

Şol sebäpli BAE giden Prezident Erdogany Abu-Dabi Halkara howa menzilinde BAE-niň täze Döwlet başlygy we Abu-Dabiniň Emiri Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan garşylady. 

Erdogan howa menzilinde duşuşyk geçiren Al Nahaýana ýurdyň ozalky BAE-niň ozalky Döwlet başlygy Şeýh Halife Bin zaýed Al Nahaýanyň aradan çykmagy sebäpli gynanç bildiripdi. 

Prezident Erdogan ondan soň bolsa Zaýed Al Nahaýan bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. 



Degişli Habarlar