Prezident Erdogan Welaýat başlyklarynyň giňdeldilen maslahatyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň ösüp barýan ýurtlaryň jynjyryny döwüp, dünýäniň iň uly 10 ykdysadyýetiniň arasyna girmeginiň, 2023-nji ýylda geçiriljek umumy saýlawlardaky saýlawa baglydygyny beýan etdi

1825572
Prezident Erdogan Welaýat başlyklarynyň giňdeldilen maslahatyna gatnaşdy

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Prezident Erdogan, paýtagt Ankara şäherinde partiýasynyň Baş merkezinde, Welaýat başlyklarynyň giňdeldilen maslahatyna gatnaşdy. 

Erdogan ol ýerde eden çykyşynda, 2023-nji ýylda geçiriljek saýlawlaryň üstünde durup geçip, şol saýlawlaryň global krizisleriň dünýädäki dolanşyklary we ykdysady ulgamlary düýbünden sarsan bir döwürde geçirilýändigini habar berdi. 

Global krizisiň Türkiýäniň öňüne howplar bilen birlikde möhüm mümkinçilikleri hem çykarandygyny aýdan Erdogan: "Geçen 20 ýylyň dowamynda ýurdumyza getiren demokratiýa we galkynyş infrastrukturasy saýasynda ençeme synagyň hötdesinden üstünlik bilen geldik" diýip belledi. 

Öz howpsuzlygy bilen, öz dolanşygy bilen, öz ykdysadyýeti bilen baglanşykly kararlaryň başga ýerlerde berilýän Türkiýäni diňe raýatlarynyň däl, eýsem sebitindäki ähli doganlarynyň, dünýädäki ähli ejir çekenleriň umydy bolan bir ýurt ýagdaýyna öwürendiklerini aýdan Erdogan 2023-nji ýylda geçiriljek saýlawyň Türkiýe üçin möhümdigini beýan etdi. 

Prezident Erdogan: "Türkiýäniň ösüp barýan ýurtlaryň jynjyryny döwüp, dünýäniň iň uly 10 ykdysadyýetiniň arasyna girmegi, 2023-nji ýylda geçiriljek umumy saýlawlardaky saýlawa baglydyr" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar