Fahrettin Altun dezinformasiýa garşy göreşiň üstünde durup geçdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Türkiýä garşy gara propoganda işlerine, özleşdirme operasiýalaryna garşy hakykat frontynda tutanýerli ýagdaýda göreşmäge dowam etjekdiklerini habar berdi

1825468
Fahrettin Altun dezinformasiýa garşy göreşiň üstünde durup geçdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, paýtagt Ankara şäherinde Kommunikasiýalar edarasynyň Konferensiýa zalynda geçirilen Ýerli Media seminarynda çykyş etdi. 

Syýasatdan ykdysadyýete, howpsuzlykdan media, ähli ugurlarda köptaraplaýyn hüjüme sezewardyklaryna ünsleri çeken Altun: "Sezewar galan ulgamlaýyn dezinformasiýa we jemgyýetçilik inženerçilik başlangyçlarynyň soňky maksady, ýurdumyzyň bosgun syýasaty boldy" diýip habar berdi. 

Käbir töwerekleriň Türkiýäniň bosgun syýasatynyň üsti bilen ýurtda haos ýüze çykarmagy synanyşýandyklaryny aýdan Altun: "Ýurdumyza sygynnanlara eýe çykmak ynsanperwer jogapkärçilikdir" diýip belledi. 

Janyny we mertebesini goramak üçin watanyny terk etmegiň, meýletin bir isleg däl, eýsem mejburylykdygyny aýdan Altun, döwletiň bosgun meselesi bilen degişli ähli guramadyr-edaralary bilen ýakyndan gözegçilik edýändiklerini we gerek bolan ähli çäreleri täsirli ýagdaýda görýändiklerini habar berdi. 

Türkiýä garşy gara propoganda işlerine, özleşdirme operasiýalaryna garşy hakykat frontynda tutanýerli ýagdaýda göreşmäge dowam etjekdiklerini aýdan Altun: "Biz dezinformasiýanyň we onuň arkasyndaky hapa toruň diňe milli däl, eýsem global manyda hem parahatçylyga we asudalyga howpdugyny pikir edýäris. Hakykaty goramaga, dezinformasiýa garşy göreşmäge şol bir tutanýerlilik bilen dowam ederis" diýip belledi. 



Degişli Habarlar