Erdogan: "Türk goşuny serhetde şu günki güne çenli sähelçe hem ýalňyşlyga ýol bermedi" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň goşunynyň serhetde şu günki güne çenli sähelçe hem ýalňyşlyga ýol bermändigini habar berdi

1823687
Erdogan: "Türk goşuny serhetde şu günki güne çenli sähelçe hem ýalňyşlyga ýol bermedi" diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ýanyndaky Baş Ştabyň başlygy we Gury ýer güýçleriniň serkerdesi bilen gözegçilik işlerini geçirmek maksady bilen serhet zolagyna bardylar. 

Hataý welaýatynyň howa menzilinde resmiler tarapyndan garşylanan Hulusi Akar, ol ýerden Türkiýäniň Siriýa serhedine tarap ugrady. 

Şehit kapitan Ilker Ajar serhet birikmesinde serhetde görülen çäreler barada maglumat alan Hulusi Akar, soň bolsa gözegçilik diňine çykyp serhet zolagyna gözegçilik etdi. 

Ol ýerde geçiren gözegçilik işlerinden soň esgerler bilen günortan naharyny edilen ministr Hulusi Akar, Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde serhetçilere ýüzlenen Prezident Erdogan, ministr Akaryň serhet zolagyndaky gözegçilikleriniň ähmiýetini belläp geçdi. 

Esgerlere gulluk borçlarynda üstünlikler arzuw eden Erdogan: "Türk goşuny serhetde şu günki güne çenli sähelçe hem ýalňyşlyga ýol bermedi. Goşunymyzyň siz gadyrly agzalaryny öz adymdan, milletiň adyndan takdyr edýärin. Şu günki tagallalaryňyz taryh boýunça ýatdan çykarylmaz" diýip belledi. 

Prezident Erdogan esgerleri geçen baýramlary bilen gutlady. 



Degişli Habarlar