Penje-Gulp Operasiýasynda 73 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Akar, PKK garşy alynyp barylýan “Penje-Gulp” operasiýasynda 73 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan etdi.

1823339
Penje-Gulp Operasiýasynda 73 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli goranmak ministri Hulusi Akar Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK garşy alynyp barylýan “Penje-Gulp” operasiýasynda 73 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan etdi.

Akar, Baş ştabyň Başlygy general Ýaşar Güler we Deňir güýçleriniň serkerdesi Admiral Adnan Özbal bilen Mersinde Ortaýer deňizi Sebit serkerdeligine bardy.

Yl Ýerde Ortaýer deňizi Sebit serkerdeliginiň Täze gami duralgasynyň açylyşyna gatnaşan Akar, Türk ýaragly güýçleriniň terrorizme garşy göreşiniň egilşiksiz dowam edýändigini aýtdy.

18-nji aprelde başladylan “Penje-Gulp” operasiýasynyň bellenen tertipde üstünlikli dowam edýändigini nygtan Akar; “Operasiýada häzirki wagta çenli 73 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrorçylara degişli102 gowak, gaçybatalga hatarda çykaryldy, 524 partlaýyjy ýok edildi. Operasiýada 10 gahryman egindeşimiz şehit boldy” diýdi.

Milli goranmak ministri Akar; “Asylzada milletimizi 40 ýyldan bäri musllat bolan bu terror belasyndan halas etmek bizi borjumyz. Göreşimiz soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä egilşiksiz dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar