Aprel Aýynda 74 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Çatakly, paýtagt Ankarada terrora garşy soňky 1 aýda guralan operasiýalar hakynda maglumat berdi.

1823271
Aprel Aýynda 74 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Içeri işler ministriniň orunbasary we metbugat geňeşçisi Ismail Çatakly, aprel aýynda 94 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Çatakly, paýtagt Ankarada terrora garşy soňky 1 aýda guralan operasiýalar hakynda maglumat berdi.

Içeri işler ministriniň orunbasary we metbugat geňeşçisi İsmail Çatakly, 2022-nji ýylyň aprel aýynda ekstremist terror guramasyna garşy jemi 9 müň 439 operasiýanyň guralandygyny aýtdy.

Çatakly, operasiýada mämişi sanawda gözlenýän guramanyň Hakkariden jogapkär ýolbaşçysydygy aýdylýan Semih Saýylgan bilen birlikde 94 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi.

Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylardan 63-i PKK/KJK, 31-i bolsa DEAŞ-a agza.

Aprel aýynda terrorçylara degişli 138 gowak, gaçybatalga we ammar hatardan çykaryldy.



Degişli Habarlar