Prezident Erdogan Fransuz Kärdeşi Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş Russiýa-Ukraina söweşiniň başda durmagynda sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

1822765
Prezident Erdogan Fransuz Kärdeşi Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi we Russiýa-Ukraina söweşiniň başda durmagynda sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Fransiýanyň Prezidentligine ýaňadandan saýlanan Emmanuel Makrony saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady we saýlawyň netijeleriniň fransuz halky üçin düşümli bolmagyny diledi.

Prezident Erdogan, Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň Ýewropa taýdan möhümdigini belledi.

Türkiýe hökmünde Ukrainadaky söweşiň diplomatiýa arkaly bes edilmegi üçin elinden geleni etmäge dowam edýändiklerini nygtan Prezident Erdogan, gepleşik etabyna goldaw berilmelidigini nygtady.



Degişli Habarlar