Türkiýäniň Prezidenti BMG-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi kabul etdi

1818099
Türkiýäniň Prezidenti BMG-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan Erdoganyň Guterriş bilen geçiren duşuşygy bilen bagly beýanat berildi. 

24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi başda bolmak bilen sebitleýin meseleleriň maslahatlaşylan duşuşykda BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Türkiýäniň Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi üçin alyp barýan diplomatik tagallalaryny goldaýandyklaryny we minnetdarlyk bildirýändiklerini habar berdi. 

Prezident Erdogan bolsa parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin iň ygtybarly çykalga aýratynlygyny özünde jemleýän Stambul tapgyrynyň her kim tarapyndan goldanmagynyň gerekdigini beýan etdi. 

Erdogan söweşýän taraplar bilen birlikde bütin dünýä ýaramaz täsiri bolan bu krizisden çykmak üçin amatly we durmuşa geçirip boljak bir diplomatik çözgüdiň tapyljakdygyna ynanýandygyny habar berdi. 

Prezident Erdogan Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşyklary bes etmek üçin tagalla etmek bilen birlikde, beýleki tarapdan asuda ilatyň ewakuasiýa edilmegi we sebite ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi ugrundaky tagallalara goşant goşup, başdan geçirilýän ynsanperwer krizisiň bes edilmegi üçin BMG bilen ýakyndan işlemäge dowam etjekdgini mälim etdi. 



Degişli Habarlar