Şentop Bosniýada Saparda Bolýar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop resmi sapar bilen Bosniýa-Gersegowinada bolýar.

1818243
Şentop Bosniýada Saparda Bolýar

Mustafa Şentop Türkiýäniň Balkan sebitindäki ähli ýurtlar blen gowy gatnaşyklarynyň bardygyny we şol gatnaşyklaryň sebitleýin parahatçylyk hem-de durnuklylyk üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.

Bosniýanyň we boşnýaklaryň Türkiýede ýaşaýan 85 million adamyň ýüregindäki ýeriniň özboluşlydygyny beýan eden Şentop; “Biz elmydama sizi goldaýarys” diýdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweş hakynda-da durup geçen Mustafa Şentop; “Bu bize dünýäde hiç haçan söweşleriň, çaknyşyklaryň, güýç ulanmagyň ony edýänler bilen birlikde hiç kime peýdasynyň ýokdugyny, tersine zyýan ýetirýandigini görkezdi. Adamlar bulardan netije çykarmaly” diýdi.

Dünýäni, esasanda Ýewropany we Balkanlary Parahat, asuda, durnukly we söweşden daşdatugmagyň möhümdigine ünsi çeken TBMM-niň Başlygy Şentop; “Başdan geçirilýän Ukraina çykgynsyzlygy, howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün ediji çäreleri görmegiň ähli ýurtlar üçin möhümdigini görezdi” diýdi.



Degişli Habarlar