Türk Daşary işler ministri Braziliýada saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen baran Braziliýada işewür adamlar bilen duşuşyk geçirdi

1817271
Türk Daşary işler ministri Braziliýada saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "San-Paulu şäherinde işewür adamlar bilen Braziliýa bilen söwda gatnaşyklarymyzy has hem ösdürjek ädimleri we maýa goýum mümkinçiliklerini ele aldyk" diýip habar berdi. 

Ministr Çawuşogly ondan soň Türkiýäniň San-Paulu şäherindäki Baş konsullugyň täze binasynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. 

Iki ýurdyň arasynda däp bolan dostlukly we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň bardygyny aýdan Çawuşogly, Braziliýanyň ähmiýedini belläp geçip: "Braziliýa Latyn Amerika sebitinde biziň iň uly söwda hyzmatdaşymyz, emma şu gün geçiren duşuşyklarymyzda, esasan hem işewür adamlar bilen geçiren duşuşygymda 5 milliard dollarlyk söwda kuwwadynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky bolmaly mümkinçilikden pesdigini, şol sebäpli maksatnamamalarymyzy özgertjekdigimizi nygtap geçdik" diýip habar berdi. 

Braziliýany Garaşsyzlyk güni bilen hem gutlan Çawuşogly: "Braziliýanyň Garaşsyzlygyna barýan ýolda 21-nji aprel Tiradentes gününiň ähmiýedini bilýärin. Hem Tiradentes güni hem-de Braziliýanyň garaşsyzlygynyň 200 ýyllygy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn" diýip mälim etdi. 

Latyn Amerika syýahadyna 23-nji aprelde Urugwaý döwletinden başlan Mewlüt Çawuşogly, ol ýerden Braziliýanyň söwda merkezi San-Paulu şäherine geçipdi. 



Degişli Habarlar