Bestler Derelerde PKK-a Agza 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ministr Soýlu, terrorçylara “Boýun egiň” diýip çagyryş berdi.
1817328
Şyrnak welaýatynda “Eren Gabaw-5” operasiýasynyň çäginde Bestler Dereler etrapçasynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Twitterden beren habarnamasynda, Şyrnakda Bestler Dereler etrapçasynda uçarmansyz howa ulagynyň goldaw bermeginde guralan operasiýada 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini nygtady.
Ministr Soýlu, terrorçylara “Boýun egiň” diýip çagyryş berdi.
Degişli Habarlar
8-nji Ynsanperwer Kömek Gämisi Gaza Üçin Ýola Çykýar
Ynsanperwer kömek gämisi bilen Gazanyň halkyna 2 müň 960 tonnalyk azyk kömegi ugradylýar.