Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär

Yragyň demirgazygynda guralýan “Penje Gulp” operasiýasynda, terrorçylar bilen bolan çaknyşykda esger Kubilaý Çon şehit boldy.

1816925
Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Bizi çuňňur gynandyran bu wakada ýoglan eziz şehidimize Alladan rehnet, hossarlaryna, Türk ýaragly güýçlerine we halkymyza gynanç bildirýäris we sabyr dileýäris” diýildi.

Siriýanyň demirgazygyndaky “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda bolsa terrorçylar tarapyndan guralan raketa hüjüminde polis gullukçysy Aýtaç Altunörs şehit boldy.

Içeri işler müdürligi tarapyndna berlen beýannamada, polis gullukçysy Aýtaç Altunörsiň “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda ýerleşýän Mare Soranda terror guramasy PKK/PÝD-niň gözegçiligi astyndaky sebitden terrorçylar tarapyndan guralan raketa hüjüminde şehit bolandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan Hakkari welaýat häkimliginden berlen beýannamada, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýada 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Yragyň demirgazygynda dowam edyän “Penje-Gulp” operasiyasynda 9, “Penje-Yyldyrym” operasiyasynda 2, jemi 11 terrorçy täsirsiz yagdaya getirildi.

Milli goranmak ministrliginden berilen beyannamada; “Terrorçylary gizlenyän gaçybatalgalaryna we gowaklaryna gömmäge dowam edyäris. edyän “Penje-Gulp” operasiyasynda 9, “Penje-Yyldyrym” operasiyasynda 2, jemi 11 PKK terrorçysy täsirsiz yagdaya getirildi. “Penje-Gulp” operasiyasynda täsirsiz yagdaya getirilen terrorçylaryň sany 54-e yetdi” diyilyär.



Degişli Habarlar