Çagalaryň Gulaklary Bomba Sesleri Bilen Däl, Dostlarynyň Şatlykly Sesleri Bilen Şaňlamaly

Erdogan Stambulyň Başakşehir Millet seýilgähinde guralan 23-nji aprel Türkiýe radio-telewideniýe guramasynyň Çagalar festiwalynda çykyş etdi.

1816929
Çagalaryň Gulaklary Bomba Sesleri Bilen Däl, Dostlarynyň Şatlykly Sesleri Bilen Şaňlamaly
erdoğan.jpg

Prezident R.T.Erdogan Stambulyň Başakşehir Millet seýilgähinde guralan 23-nji aprel Türkiýe radio-telewideniýe guramasynyň Çagalar festiwalynda çykyş etdi.

Prezident Erdogan: “Çagalar gorkynyň penjesinde däl, eýsem asuda uklamaly. 23-nji apreliň çagalarymyza sowgat edilmeginiň aňyrsynda ine şu hyýal bardy. Dünýäni çagalara beren günümiz has wyždanly, mährili bolarys” diýdi.

Türkiýäniň günortasynda onlarça müň çaganyň ýogalmagyna, ýüzlerçe müň çaganyň ýetim galmagyna, onlarça müň çaganyň Ýewropanyň başda durmagynda dünýäniň çar tarapynda ýitmegine sebäp bolan tragediýanyň henizem dowam edýändigini aýdan Erdogan; “Demirgazygymyzda ikinji aýyny dolduran söweşiň hem gussaly netijeleri ýüze çykaryp, dowam etmegi bizi aladalandyrýar. Şeýle döwürlerde çagalaryň ýüreklerindäki sap söýgäi olaryň durmuşymyzy gözelleşdirýän gülüşine, şatlygyna hemişekiden has köp mätäçlik duýýandygymyzy pikir edýärin. Bizin söweşleri gutarmak, dartgynlyklary ortadan aýyrmak üçin howpsuzlyk we asudalyk yklymyny giňeltmek üçin edýän tagallalarymyzyň esasy höweslendirijisi çagalardyr.

Çagalaryň gulaklary bombalaryň sesleri bilen däl, ine şu ýerde bolşy ýaly deň-duşlarynyň şadyýan sesleri bilen şaňlamaly. Çagalaryň ýürekleri alada bilen däl, söýgi we şowhun bilen, umyt bilen urmaly. Çagalar gorkynyň penjesinde däl, asudalygyn gujagynda uklamaly.

Ankarada jemlenşen Beýik Millet Mejlisiniň açylan güni şol sebäpli milli göreşimiziň öwrülşik nokady bolan 23-nji apreliň çagalarymyza sowgat edilmeginiň aňyrsynda ine şu ynam, şu hyýal bardy” diýdi.

 



Degişli Habarlar