Türkiýäniň Ukraina Meselesinde Eýe Bolan Ähmiýetini Hemmeler Gördi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hususy teleýaýlymlardan birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça beýannama berdi.

1815487
Türkiýäniň Ukraina Meselesinde Eýe Bolan Ähmiýetini Hemmeler Gördi

Ministr Çawuşogly Ýewropa we ABŞ bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy bilen gümrük bileleşigi, wyza erkinligi, demire we polada goýulan salgytlaryn aýrylmagy ýaly ugurlarda anyk başlangyçlaryň görülmeýändigine garamazdan, diskursda oňyn çemeleşmeleriň bardygyny aýtdy.

Çawuşogly; “Ukraina meselesi bilen bilelikde Türkiýäniň eýe bolan ähmiýetini hemmeler gördi, emma ol wagtlaýyn çemeleşme bolmaly däl. Düýnem, ertirem Türkiýäniň sebiti we dünýä üçin eýe bolan ähmiýeti bellidi. Ol hasam artar” diýdi.

Ministr Çawuşogly ABŞ-nyň Türkiýä garşy “CAATSA” sanksiýalaryny bes etmegi hakynda bolsa; “Has ylalaşykly çemeleşýändiklerini görýäris, çözgüt tapmaga synanşýarys. Baýden bilen Prezidentimiziň duşuşygynda Baýdeniň teklibine laýyklykda strategik mehanizm döredildi. Ministriň orunbasarlary derejesinde Ankarada duşuşyk geçirildi. 18-nji maýda ministrleriň derejesinde Waşingtonda duşuşarys” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly S-400 we F-35 meselesinde ýakyn gelejekde çözgüdiň tapyljakdygyna ynanýandygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar