Prezident Erdogan Sporduň Ýyldyzlary Bilen Agzaçarda Duşuşdy

“Türgenlerimiz gatnaşan halkara bäsleşiklerinde uly üstünlikler gazanýar”

1815473
Prezident Erdogan Sporduň Ýyldyzlary Bilen Agzaçarda Duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan “Türgenlerimiz gatnaşan halkara bäsleşiklerinde uly üstünlikler gazanýar” diýdi.

Prezident Erdogan, paýtagt Ankarada sporduň ýyldyzlary bilen agzaçarda duşuşdy.

Prezident Erdogan agzaçarda eden çykyşynda “Türkiýäniň buýsanjy bolan türgenlerimiz bilen agzaçarda duşuşmakdan hoşal. Siz ýurdumyz üçin uly işleri durmuşa geçirdiňiz we halkymyzy buýsandyrdyňyz” diýdi.

“Türgenlerimiz gatnaşan halkara bäsleşiklerinde uly üstünlikler gazanýar we baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Bäsdeşleri biziň türgenlerimize uly sarpa goýýar.  Türgenlerimiz halkara bäsleşiklerde güýçli bäsdeş hökmünde görülýär.

2020 Tokio olimpiadalarynda we Paralimpiýa oýunlarda türgenlerimiz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy. Dünýäde 20 müňe golaý türgeniň gatnaşan şol bäsleşiklerinde jemi 28 medal alyp halkymyzy buýsandyrdyňyz” diýen Prezident Erdogan, ähli taraplaýyn türgenlere goldaw bermäge dowam etjekdiklerini belledi.

Prezident Erdogan “Türgenlerimiz bilen 2024-nji ýylda geçiriljek Pariž olimpiadalarynda hem uly üstünlikler gazanarys” diýdi

 



Degişli Habarlar