Türkiýe, Owganystanda Guralan Terrorçylykly Hüjümleri Ýazgardy

“Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna, dost we doganlyk owgan halkyna gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris”

1814845
Türkiýe, Owganystanda Guralan Terrorçylykly Hüjümleri Ýazgardy

Türkiýe, Owganystanyň paýtagty Kabulda guralan bombaly hüjümleri ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Owganystanyň paýtagty Kabulda bilim merkezlerini nyşana alan hüjümlerde okuwçylar bilen birlikde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirýäris. Bu terrorçylykly hüjümleri berk ýazgarýarys” diýildi.

Beýannamada, “Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna, dost we doganlyk owgan halkyna gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Kabulyň günbatarynda Şehit Abdul Rahim litseýinde we Mumtaz kursunda yzly yzyna guralan bombaly hüjümlerde 6 adam ýogalypdy, 11 adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar