Mewlüt Çawuşogly güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ukrainanyň Donbass sebitine garşy rus hüjümleri başlan halatynda ylalaşyk baglaşmagyň has hem kynlaşjakdygyny mälim etdi

1812481
Mewlüt Çawuşogly güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, hususy telewideniýe kanallaryň birinde güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi.

Ukrainanyň Buça we Irpin şäherlerindäki adam gymmatlyklaryna ters gelýän wideo we surat materiallaryň Ukraina-Russiýa arasyndaky gepleşiklere ýaramnaz täsir ýetirendigini aýdan Çawuşogly: "Ähli kynçylyklara garamazdan Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň gepleşiklere dowam ederis diýmegi we ondan soň Russiýa tarapynyň hem şoňa meňzeş beýanat bermegi, gepleşikler bilen bagly umytlarymyzy artdyrdy" diýip habar berdi. 

Ähli kynçylyklara garamazdan Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ylalaşygyň mümkindigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Emma od açmazlyk baradaky ylalaşyk baglaşyljak bolsa, onda onuň şu günler bolmagy gerek, esasan hem bu söweş uzan halatynda, Donbass sebitine garşy täze hüjümler guralan halatynda, ana şol wagt ylalaşyk baglaşmak has hem kynlaşar" diýip mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly Gündogar Ortaýer deňizindäki energiýa çeşmeleri bilen baglanşykly bolsa: "Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäni hasaba almaýan toparlar boldy. Emma olaryň hiç biriniň manysynyň ýokdugyny gördük" diýip aýan etdi. 

Gündogar Ortaýer deňizi tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň (EastMed) durmuşa geçirilip bilinjek bir taslama bolmandygyny aýdan Çawuşogly: "Ysraýylyň hem baý ätiýaçlarynyň bardygyny görýäris. Esasan hem Ýewropa bazaryna ýetirilmegi üçin iň amatly liniýa Türkiýäniň üsti bilen geçýär" diýip beýan etdi. 

Müsür bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy bilen bagly tapgyryň hem üstünde durup geçen Çawuşogly, şol ýurt bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň sebite oňyn täsiriniň boljakdygyny belledi. 

Çawuşogly Saud Arabystany bilen hem gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin ädimleriň edilýändigini aýan etdi. 

Ministr Çawuşogly Türkiýe-Ermenistan arasynda hem ynam artdyryjy ädimleriň edilýändigini belläp, iki ýurdyň ýörite wekilleriniň 3-nji duşuşygynyň Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçiriljekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar