Türkiýe, Ukrainada Otly Bekedine Guralan Hüjüme Gynanç Bildirdi

Beýannamada, hüjümleriň gyssagly bes edilmegi barada ýene-de bir gezek çagyryş berildi.

1809663
Türkiýe, Ukrainada Otly Bekedine Guralan Hüjüme Gynanç Bildirdi

Türkiýäniň, Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän Kramatorsk şäherinde otly bekedine guralan hüjüm hakyndaky beýannamasynda, hüjümleriň gyssagly bes edilmegi barada ýene-de bir gezek çagyryş berildi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Kramatorsk şäherinde otly bekedine raketalar bilen hüjüm guralmagy sebäpli şäherden gitmek üçin otly bekedine gelen onlarça adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirildi.

Beýannamada, bu elhenç wakanyň gysga wagtda asuda ilatyň howpsyzlygynyň üpjün edilmeginiň we ynsanperwer geçelgeleriniň açylmagynyň diýseň möhümdigini ýene-de bir gezek görkezendigi nygtaldy.

Beýannamada, hüjümleriň gyssagly bes edilmegi barada ýene-de bir gezek çagyryş berildi.



Degişli Habarlar